Öldürýän awuly madda, awy.
Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher. (nakyl)
Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin. (nakyl)
Göçme manyda Bir zadyň ajy, ýiti täsiri.
Durdymyradyň bolsa bu bolşy göreninden soň, içip oturan çaýy agzyna zäher ýaly degdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Sowuk ýeliň gar awusy Howada zäherin saçýar. (Çary Aşyr, Poemalar)
Göçme manyda Bir zada gahar bildirilip aýdylýan gargyş söz.
Zäher etmändiris, utanmaýarmyň, özüňden ula jogap bermäge!
Şatlykly durmuşy, ýagdaýy we ş. m. örän gynançly hala öwürmek.
Gaýta ogluny urduň, atyny basyp aldyň, toýlaryna zäher gatdyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birine gazaplanyp, ýakmaz, ajy söz aýtmak, ajyňy pürkmek.
Sen maňa zäheriňi pürkme.