yzgytsyz yz‧gyt‧syz sypat

[yzgy:tsyz]

  1. Rehimsiz, zalym, gaharjaň, hyrsyz, ýowuz.

    • Pökgen öz maşgalasyna yzgytsyz däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Meniň atam örän yzgytsyz adam, doganym hem şeýle. (M. Gorkiý, Ene)

    • Yzgytsyz garaýşy we ýakymsyz sesi onuň hemme syratyny, hemme gözelligini bozan ýaly boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol mydama mylaýym, özüňden kiçiler üçin bolsa hyrsyz we yzgytsyzdy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

  2. Göçme manyda Içinden geçip barýan, ýalazy (sowuk hakda).

    • Ýanwar aýynyň yzgytsyz günleriniň biridi. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • yzgytsyzdy
  • yzgytsyzlygy
  • yzgytsyzlygym
  • yzgytsyzlygyny
  • yzgytsyzlygyň
  • yzgytsyzlyk
  • yzgytsyzlykda