yzarlamak y‧zar‧la‧mak işlik

[y:zarlamak]

  1. Bir zadyň yzy bilen ony agtarmak, yzyny ýitirmän tapjak bolmak, yzlamak.

    • Serhetçiler bar güýçlerini gaýgyrman, duşmanyň yzyny yzarlaýardylar. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Biriniň yzyna düşmek, birini aňtamak, nirede näme iş edýändigini bilmek, ýanamak.

    • Olar oba baryp, demirgazyga bakan giden «myhmanyň» yzyny yzarlamalydyrlar. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  3. Bir zady barlamak, seredip, derňäp görmek.

    • Goňşy gelip goňşusynyň ýanyna, Gutlaýar guwançly, gysyp goluny, Kartada yzarlap ýeňiş ýoluny. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Ryza şa despotizminiň döremesini sahypa-sahypa yzarlap, ýadynda saklaýardy, Bir gapdalda oturyp, oýny höwes bilen yzarlap başlady başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Biz diňe bir adybir türkmen däl, uzakdan yzarlasak, daýy-ýegenlik ilteşigimiz-de bar. («Sowet Edebiýaty» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • yzarlabam
  • yzarlady
  • yzarladyň
  • yzarladyňmy
  • yzarlajak
  • yzarlalyň
  • yzarlama
  • yzarlamaga
  • yzarlamagy
  • yzarlamagyna
  • yzarlamagyndan
  • yzarlamagyň
  • yzarlamak
  • yzarlamakda
  • yzarlamakdan
  • yzarlamakdyr
  • yzarlamaklyga
  • yzarlamaklygy
  • yzarlamaklygyň
  • yzarlamaklyk
  • yzarlamalar
  • yzarlamalara
  • yzarlamalardan
  • yzarlamalaryna
  • yzarlamalaryndan
  • yzarlamalarynyň
  • yzarlamalaryň
  • yzarlamaly
  • yzarlamalydygyny
  • yzarlamalydyrlar
  • yzarlamalyň
  • yzarlaman
  • yzarlamanam
  • yzarlamandyr
  • yzarlamanyň
  • yzarlamasyndan
  • yzarlamasyny
  • yzarlamaýan
  • yzarlamaýar
  • yzarlan
  • yzarlandy
  • yzarlandyr
  • yzarlanlarynda
  • yzarlanymyzda
  • yzarlap
  • yzarlapdyr
  • yzarlapdyrlar
  • yzarlarka
  • yzarlarys
  • yzarlasa
  • yzarlasak
  • yzarlasam
  • yzarlasaň
  • yzarlaý
  • yzarlaýan
  • yzarlaýandygy
  • yzarlaýandygymyz
  • yzarlaýandygyndan
  • yzarlaýandygyny
  • yzarlaýanlar
  • yzarlaýanlygyndan
  • yzarlaýar
  • yzarlaýardy
  • yzarlaýardylar
  • yzarlaýarlar
  • yzarlaýarys
  • yzarlaýyn
  • yzarlaň