[y:zçylyk]
Yz tanajylyk, yzarlap bilijilik.
Çarynyň ýeke awçylykdan bolman, yzçylykdan hem habary bardy. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)
Hal mergen, şu ýaşyna gelip, yzçylykda henize çenli ýalňyşan ýeri ýokdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem yzçylyk - yzçylygy.