[ysna:t]
Ýüzügaralyk, betnamlyk, biabraýlyk, masgaralyk.
Şu wagşylyk biziň halkymyz üçin ysnat. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sen gyzyl gwardiýaçy adyna ysnat getirmän, kynçylyga döz! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ysnat - ysnady.