[y:sgatmak]
Bir zadyň ysyny bildirmek üçin burnundan dem aldyrmak, ysgamaga bermek.
Doktor wagtal-wagtal derman ysgatmaga dowam edýär. (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)
Biri gök esgini tütedip, burnuna ysgatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ysgatmak - ysgadýar, ysgadar, ysgadypdyr.