yrgyldatmak yr‧gyl‧dat‧mak işlik

Iki ýana çala gymyldatmak, ýuwaşja hereket etdirmek, yrandyrmak, ýaýkyldatmak.

  • Mamanyň sojap silkinmegi öýi yrgyldadýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Deregi şemal yrgyldadýardy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yrgyldatmak - yrgyldadýar, yrgyldadar, yrgyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • yrgyldadan
  • yrgyldadyp
  • yrgyldadypdyr
  • yrgyldadýardy
  • yrgyldatma
  • yrgyldatmagy
  • yrgyldatmak