ynjalyk yn‧ja‧lyk at

[y:njalyk]

  1. Howsalaly bolmazlyk, aladaly dällik, rahatlyk.

    • Mamanyň şol uklaman, horlaman ýatmagy, ony ynjalykdan aýyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Oňaýlylyk, rahatlyk, dynçlyk.

    • Özüň bilýärsiň, biz bir daýhan adam, şu agajyň üstünde oturyp ynjalygymyz hem bolanok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynjalyk - ynjalygy.

ynjalygyňy gaçyrmak

Aladaly ýagdaýa salmak, ünjüli ýagdaýa salmak, howsala salmak, birahat etmek.


Duş gelýän formalary
  • ynjalygam
  • ynjalygy
  • ynjalygym
  • ynjalygymy
  • ynjalygymyz
  • ynjalygymyň
  • ynjalygyny
  • ynjalygynyň
  • ynjalygyň
  • ynjalygyňyz
  • ynjalykdan
  • ynjalykly
  • ynjalyklylyk
  • ynjalyksyz
  • ynjalyksyzdan
  • ynjalyksyzdy
  • ynjalyksyzlyga
  • ynjalyksyzlygy
  • ynjalyksyzlygyny
  • ynjalyksyzlygynyň
  • ynjalyksyzlygyň
  • ynjalyksyzlyk
  • ynjalyksyzlykdan