ynjalmak işlik

[y:njalmak]

  1. Agyrydan, degen zarbadan rahatlanmak, köşeşmek.

  2. Birinden ýa-da bir zatdan arkaýyn bolmak, biri ýa-da bir zat barada alada, ünji etmezlik.

    • Habar tutup bilinse, ol ynjalyp ýatyp hem bilmezdi, gözlerine çiş kakylana dönerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Men hem ynjalyp oturyp bilmän, garra kömekçi bolupdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Birden ýagtylanyp ünjüli ýüzi, Ýatdy howsalasy, ynjaldy özi. (A. Kekilow, Söýgi)


Duş gelýän formalary
  • ynjalan
  • ynjalandyr
  • ynjalanok
  • ynjalar
  • ynjalarly
  • ynjalarmyka
  • ynjalarsyňyz
  • ynjaldy
  • ynjaldy-da
  • ynjaldym
  • ynjaldyň
  • ynjaljak
  • ynjaljakdylar
  • ynjalmady
  • ynjalmadym
  • ynjalmagy
  • ynjalmajagy
  • ynjalmajagyma
  • ynjalmajagymy
  • ynjalmajagyna
  • ynjalmajagyny
  • ynjalmajakdygyny
  • ynjalmak
  • ynjalman
  • ynjalmandyr
  • ynjalmaryn
  • ynjalmasa
  • ynjalmaz
  • ynjalmazdy
  • ynjalmaýardy
  • ynjalmaň
  • ynjalsak
  • ynjalyp
  • ynjalypdyr
  • ynjalypdyr-da
  • ynjalýar