ynanylmak işlik

  1. Ynam edilmek, ynanç bildirilmek.

    • Hatda Garýagdy sopynyň garry aýalyna-da ynanylmandyr. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Birine bir iş ýa-da zat tabşyrylmak.

    • Ozal haç bir iş ynanylmadyk zähmetkeş aýal-gyzlaryň müňlerçesi indi kolhoz meýdanlarynda ellerinden dür döküp atlary uly illere ýaýraýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.