ynanç y‧nanç at

seret ynam

  • Ynanç bilen ädim ursa her kişi, Hiç wagtda gaýra galmaýar işi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Meniň saňa bolan ynanjymy ödeýşiň şumy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynanç - ynanjy.

ynanç haty

Biriniň ynam bildirip, öz adyndan başga birine bir zat almak üçin berýän haty, dokumenti.


Duş gelýän formalary
  • ynanja
  • ynanjam
  • ynanjy
  • ynanjydyr
  • ynanjym
  • ynanjyma
  • ynanjymdan
  • ynanjymdy
  • ynanjymy
  • ynanjymyza
  • ynanjymyzdan
  • ynanjymyzy
  • ynanjymyň
  • ynanjyna
  • ynanjyndaky
  • ynanjyndan
  • ynanjyny
  • ynanjynyň
  • ynanjyň
  • ynanjyňy
  • ynançda
  • ynançdan
  • ynançdyr
  • ynançlar
  • ynançlara
  • ynançlardyr
  • ynançlary
  • ynançlary-da
  • ynançlarymyza
  • ynançlaryna
  • ynançlarynda
  • ynançlaryndan
  • ynançlaryny
  • ynançlarynyň
  • ynançlaryň
  • ynançly
  • ynançlydy
  • ynançlylyk
  • ynançsyz
  • ynançsyzlyk