ynamdarlyk y‧nam‧dar‧lyk

[ynamda:rlyk]

Ynama mynasyplyk, ynamy ödänlik, ynamlylyk, ynançlylyk, ygtybarlylyk.

  • Ýol hiç ýere sowulman, göni gidýär! -- diýip, men ynamdarlyk bilen jogap berdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bu ýerde her haýsyňyzyň bitiren işiňiz aýnada görnen ýaly görkezilipdir -- diýip, özüniň hasap kartasyna ynamdalyk bildirmek bilen öňki ornunda oturdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ynamdarlyk - ynamdarlygy.


Duş gelýän formalary
  • ynamdarlygy
  • ynamdarlygyna
  • ynamdarlygyny