ymarat

[yma:rat]

Uly jaý, köp otagly tam.

  • Derwezeleri köçelere baka açylýan howlularyň içinde, beýik baglaryň arasynda gözel ymaratlar görünýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Beýik ymaratlaryň öňünde biten agaçlar jaýyň üstüne abanyp durdular. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Pekine gadymy ymaratlar enaýy bir bezeg berýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ymarata
  • ymaratda
  • ymaratdan
  • ymaratdy
  • ymaratdygyny
  • ymaratdyr
  • ymaratlar
  • ymaratlar-da
  • ymaratlara
  • ymaratlarda
  • ymaratlardan
  • ymaratlardy
  • ymaratlardyr
  • ymaratlary
  • ymaratlary-da
  • ymaratlarydyr
  • ymaratlaryna
  • ymaratlarynda
  • ymaratlaryndaky
  • ymaratlaryndan
  • ymaratlaryny
  • ymaratlarynyň
  • ymaratlaryň
  • ymaratly
  • ymaraty
  • ymaratynyň
  • ymaratyň