Tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunlar hakyndaky bilimler sistemasy we şonuň ýaly-da şeýle bilimleriň aýry-aýry pudaklary.
Logika-pikirleri dogry guramagyň kanunlary we formalary hakyndaky ylymdyr. («Logika»)
Bilim, sowat, düşünje.
Berýär çagalara başlangyç ylym, Bir ýyl bäri başarnykly mugallym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Onuň ylmy erbet däl.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem ylym - ylmy.