ylgaşmak yl‧gaş‧mak işlik

Bir topar bolup ylgamak, biri bilen bile ýaryşyp ýüwrüşmek, çapyşmak.

  • Aknabat eje oglunyň ir-iýmiş sowgadyndan ylgaşyp gelen oglan-uşaklara gysym-gysymdan paýlaşdyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gulmanyň kowum-garyndaşlary ürkek goýun ýaly ylgaşyp geldi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Biz olar bilen ylgaşdyk.


Duş gelýän formalary
  • ylgaşalyň
  • ylgaşan
  • ylgaşanda
  • ylgaşanlarynda
  • ylgaşardyk
  • ylgaşdy
  • ylgaşdyk
  • ylgaşdylar
  • ylgaşmaga
  • ylgaşmak
  • ylgaşsa-da
  • ylgaşyp
  • ylgaşýan
  • ylgaşýardylar
  • ylgaşýarlar