ylahym

[yla:hym]

Birine bir zat arzuw, alkyş edilende ýa-da tersine ýamanlyk, erbetlik dileg edilende ulanylýan söz.

  • Ylahym, hemişe toý bolsun! -- diýip, begenjini ýüze çykardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ylahym, şeýle bagt hemme kişä-de miýesser bolsun-da! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Körlük gurasyn, ylahym! (B. Kerbabaýew, Hekaýalar)

  • Ylahym, duşmanyň ýüzi gara bolsun!

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.