[ykra:r]
Wada, lebiz, äht, ähtibar.
Ýaşlaryň ykrarlarynyň sementli böwet ýaly sarsmazdygyny men ýagşy bilýärin. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ykraryňdan dänseň, ile meňzeş ölmersiň, zaňňar! («Görogly» eposy)
Ynsanmydyr ykraryndan, sözünden dänip her gün çar tarapa çapýanlar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Ol ýigitler adam tilli haýwandyr, söz aňmasa hem ykrary bolmasa. (Magtymguly)
Dogry, hakyky diýip bilmek, tassyk etmek.