[y:kmak]
Galgamak, gaýmalamak, ýelpildemek.
Asmanda bölejik bulutlar ygýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Biderek entäp ýörmek, söw-söw syryp ýörmek.
Ol soňky wagtlarda ykmaga başlady. It ýaly ykmakdan birnäçe çarygym tozdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gum gapdala sowlup, uzyn ädikleri bilen iki baka ykdy. (N. W. Gogol, Eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ykmak - ygýar, ygar, ygypdyr.