yklym yk‧lym

[y:klym]

  1. Älem, jahan, dünýä, il.

    • Ol bütin yklyma özüni tanatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Uçup özi ýasan samolýot bilen, Gündizler yklymdan-yklyma gidýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Hemme tarapy ýa-da hemme tarapy diýen ýaly deňizler, okeanlar (ummanlar) bilen gurşalan örän uly gury ýer giňişligi; materik.

  3. Gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň şertlibölegi.

    • Yklym perizady sen, Gamgyn köňlüm şady sen, Sen biryşkyň ody sen, Men pakyr perwanasy (Zelili)

ýedi yklym

seret ýedi

  • Gülden ýasapdyrlar bir älemgoşar, Ýedi yklyma onuň ýalkymy düşer. (A. Haýydow, Ýigitlik Çagy)


Duş gelýän formalary
  • yklyma
  • yklymda
  • yklymdaky
  • yklymdan
  • yklymlar
  • yklymlara
  • yklymlarda
  • yklymlardaky
  • yklymlaryndan
  • yklymlarynyň
  • yklymlaryň
  • yklymlaýyn
  • yklymy
  • yklymydyr
  • yklymyna
  • yklymynda
  • yklymyndaky
  • yklymyny
  • yklymynyň
  • yklymyň