ykjam

  1. Örän ýerbe-ýer, amatly, çemeli, oňaýly.

    • Pökgen tirsegini ýassyga ykjam ornaşdyrdy-da, sag eli bilen murtlaryny sypalaşdyrmaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Onuň çeýe, ykjam göwresini gabak astynda çala synlady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  2. Berk, pugta, ynamly, hüşgär.

    • Ol aýaklaryny ýere ykjam basýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Özüňi gaty ykjam saklamalysyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.