ygtyýarsyz

[ygtyýa:rsyz]

  1. Ygtyýary, erki bolmadyk, hukuksyz, haksyz.

    • Oňa diýeniň haýry ýok, ol bir ygtyýarsyz adam.

  2. Rugsatsyz, biygtyýar, jogapsyz.

    • Ol, menden ygtyýarsyz awa gitdi.

  3. Erke, ygtyýara bagly bolmadyk, erksiz.

    • Goja başyny ygtyýarsyz aşak saldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Men onuň sözüni eşidenimden, gözümden ygtyýarsyz ýaş gidenini duýman galdym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ol kellesini ygtyýarsyz ýaýkady. (A. Geldiýew, Hekaýalar)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.