ygtyýar

[ygtyýa:r]

  1. Bir zada bolan erk, hak-hukuk, eýeçilik.

    • Ýeriň şeýle ygtyýaryny ele almak, diňe ýer ussatlarynyň işidir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Biz Aýdurdyny öz ygtyýaryna goýmadyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Rugsat, jogap, mümkinçilik.

    • Ygtyýar berseňiz, jogapdan öňürti bir soragym bar! (Myraly)

    • Ygtyýar berseňiz, çaý oturdaýyn, stoluň üstüne saçak ýazaýyn! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.