yglan

[ygla:n]

yglan etmek

Bir habary hemmäniň dykgatyna ýetirmek, hemmelere mälim etmek, hemmelere äşgär etmek, ýaýratmak.

  • Howanyň ýaramaz bolmagyna görä, parahod deňizde saklanypdyr -- diýip, yglan etdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Mejlisi ertir dowam etdireris! -- diýip, yglan etdiler. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Sudýanyň yzly-yzyna çalan jürlewigi oýnuň gutarandygyny yglan edýär. («Mydam Taýýar» gazeti)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.