ygal

Meteorologiýa Gar, ýagyş görnüşinde ýere düşýän atmosfera çygy, nemi.

  • Pagtlarymyzy ygal astynda galdyrman, tiz gutarjagymyza şek-şübhe ýokdur. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şol ýyl gyşyň soňunda ygal kän düşüp, ýaz ir çykypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gyş aýlarynda ygalyň ýagmagyna seredilip, dowarlar günaşa ýa-da ondan hem seýrek suwa ýakylýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Beýle-de bir ygally ýaz bolarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.