ygşyldy

Ösümlikleriň ýeliň yrgyldatmagy, olaryň biri-birine degmegi zerarly çykýan ses.

  • Ol, şäheriň gök agaçsyz oturmagyna, çagalaryň gök ýaprakly agaçlaryň ygşyldysyny eşitmezliklerine çydap bilmeýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bu sapar gelmedi ýaňky çygşyldy, Diýdik çöp-çalamlar edýär ygşyldy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.