Ygşyldyly ses çykarmak, ygşyldyly ses etdirmek.
Mylaýym şemal öwsüp, agaçlaryň şahalaryny yralap, ýapraklaryny ygşyldadýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ýuwaş öwüsýän ýumşajyk ýel ekinleri ygşyldadýar. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ygşyldatmak - ygşyldadýar, ygşyldadar, ygşyldadypdyr.