ybarat

[yba:rat]

Bir ýa-da bir topar zatdan düzülen, emele gelen, bir topar zady öz içine alýan.

  • Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bular bäş-on adamdan ybarat bir topar bolup barýardylar. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ol, şol günäniň nämeden ybaratdygyny aňşyryp bilmedi. (M. Ibrahimow, Ol Günler Geler)

  • Olaryň kiçiräk, üç otagdan ybarat jaýy bardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.