yşyk

  1. Ýagtylyk, şöhle.

  2. Daş-töweregi ýagtyldýan şöhleli energiýa, çyra.

    • Tamlaryň içinden yşyklar garaňkynyň içinde ýylp-ýylp görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýanýar dumly-duşda al-ýaşyl yşyk, Ýüzüň ýelpäp geçýär salkynja şemal. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň öýünde gijäniň ýarymynda soň hem yşyk görünýärdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem yşyk - yşygy.


Duş gelýän formalary
  • yşyga
  • yşygy
  • yşygy-da
  • yşygydyr
  • yşygyn
  • yşygyna
  • yşygynamy
  • yşygynda
  • yşygyndan
  • yşygyny
  • yşygynyň
  • yşygyň
  • yşykda
  • yşykdan
  • yşykdandyr
  • yşykdyr
  • yşyklar
  • yşyklarda
  • yşyklary
  • yşyklaryny
  • yşyklarynyň
  • yşyklaryň
  • yşykly
  • yşyklylyk
  • yşyksyz