[wepa:lylyk]
Wepada durnuklylyk, ynamlylyk, haýyrlylyk, peýdalylyk.
Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde gaýduwsyzlyk, wepalylyk häsiýetde bolan gahrymanlar diňleýjileriň dykgatyny özüne çekýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Emma dogry sözli, tutanýerli Tokga öz wepalylygyny tassyklamak üçin boýun aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem wepalylyk - wepalylygy.