[weki:l]
Biriniň bähbidini göz öňünde tutýan, biriniň garaýşyny beýan edýän, ynanylan adam.
Bular Daşhowuzdan, Marydan, Çärjewden gelen wekillerdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Wekil onuň adyny bloknotyna aýratyn bellik etdi. (J. Akyýew, Hekaýalar)
Bir halkyň, ýurduň bähbidi üçin işi, döredijiligi bilen özüni tanadan adam.
Kemine zähmetkeş halkyň wekilidir. («Edebiýat»)