Tär, ýagdaý, alaç, ýol.
Ah çekip tapmady gitmäniň wejin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Zat, derek.
Men-a Jereni hiçbir weçden hem hasap edemok. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Aýnanyň soragy mama hiçbir weçden täsir etmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Maza, ugur.
Işdäsiniň hem, iýşiniň-içişiniň hem weçi bolmady. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-bekişmez)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem weç - wejim, wejiň.
Ugruň gaçmak, kuwwatdan düşmek.