Öz watanyňa berilmeklik, öz watanyňa, halkyňa bolan-söýgi, watan bähbidi üçin gahrymançylyk etmeklik, gerek ýerinde janyňy gurban etmeklik.
Meniň agam watançylyk ugrunda gahrymanlarça gurban boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem watançylyk - watançylygy.