warak wa‧rak 1

Hatardan çykan, ulanmadan galan, könelen, çagşan, haraplanan, zaýalanan döwük.

  • Warak gapy onuň elinden sypyp, şarkyldap gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Oňa bir warak, taşlandy dutar satyn alyp berdiler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem warak - waragy.

warak wa‧rak 2

Könelişen söz Bir tagta kagyz, sahypa.

  • Depderimiň ortasyndan waragy düşüpdir.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem warak - waragy.


Duş gelýän formalary
  • waragy