[wa:jy:p]
Aýratyn uly ähmiýeti bolan, gaýra goýup bolmaýan, möhüm, derwaýys, gerekli, zerur.
Bu ýerde Myrat üçin wajyp mesele çözülýärdi. («Mydam taýýar» gazeti)
Özüňiziň çykyşyňyzda şu wajyp mesele barada zerur zatlary gürrän etmediňiz.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem wajyp - wajyby.