Wagtyhoşluk, keýpi-sapalyk üçin edilýän şagalaňlyk, oturylyşyk.
Soň gyzlar wagyr-şagyrlyk bilen geldiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gyzlaryň bu wagyr-şagyrlyklary şatlyk üstüne şatlyk goşdy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem wagyr-şagyrlyk - wagyr-şagyrlygy.