[uzy:nak]
Boýy birneme uzyn bolan, uzyna ýakyn bolan.
Aýsoltanyň uzynak barmaklary, ony özüne öndeýän ýalydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Çägede aýak sesi eşildilmeýänligi üçin, uzynak garaýagyz ýigit duýdansyz peýda boldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Ol uzynak, maňlaýy giň, güler ýüzli gelindi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uzynak - uzynagy.