[uzy:n-uzy:n]
Örän uzaga çekýän, uzak wagta çekýän.
Şu ýagdaýdan çykmasaň, uzyn-uzyn dokladlar edeniň hem, rezolýusiýalar çykaranyň hem peýdasy ýok. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Sokduryp-sokduryp, dowamly.
Soň uzyn-uzyn uwlap, bagry bilen süýşüp, derwezä bakan süýşdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Giň-giň, uly-uly.
Ol ileri ýüzlerindäki çöpleriň içi bilen posýolok gurluşyklaryna tarap göneldi-de, uzyn-uzyn ädimläp gitdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)