Bir zady birine bermek üçin eliňi öňe ýazmak.
Ol elindäki arzasyny direktora uzatdy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Kitaby elinden gaňryp aldy-da, aýalyna uzatdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Möhleti öňküsinden köpeltmek, öňküsinden artdyrmak, uzaga çekmek.
Ýolagçyny ýola salmak, ugratmak.
Uzadandan ýoldaş bolmaz. (nakyl)
Eziz daýzasyndan köp salam aýdyp, Bir sowgat uzatdy ejesi Aýna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uzatmak - uzadýar, uzadar, uzadypdyr.