uzaltmak u‧zalt‧mak işlik

  1. Öňküsinden uzyn etmek, öňküsinden uzynlygyny artdyrmak.

  2. Köp dowam etdirmek, köpe çekmek, uzaga çekmek.

    • Sen meniň ömrümi has-da uzaltdyň. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

    • Ol häzir adamyň ömrüni uzaltmak, ençeme garrylary ýigdeltmek ýaly wezipeleri çözýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Elli sözüni owadanlap hem kebşirläp uzaltdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem uzaltmak - uzaldýar, uzaldar, uzaldypdyr.


Duş gelýän formalary
  • uzaldan
  • uzaldandygyny
  • uzaldar
  • uzaldasy
  • uzaldyp
  • uzaldýan
  • uzaldýana
  • uzaldýandyr
  • uzaldýanlygy
  • uzaldýanymdan
  • uzaldýar
  • uzaldýarlar
  • uzaltdy
  • uzaltdyň
  • uzaltjakdan
  • uzaltmaga
  • uzaltmagy
  • uzaltmagyna
  • uzaltmagyň
  • uzaltmajagyny
  • uzaltmajakdygy
  • uzaltmak
  • uzaltmakda
  • uzaltmakdan
  • uzaltmaklyk
  • uzaltmaly
  • uzaltmalydyr
  • uzaltman
  • uzaltmandygyny
  • uzaltmasy
  • uzaltmasynyň
  • uzaltmazlyga
  • uzaltmazlyk
  • uzaltmaýarlar
  • uzaltmaýyn
  • uzaltsa
  • uzaltsalar
  • uzaltsam
  • uzaltsaň