Ýakyn aralykda däl, daş, alys.
Barjak ýerimiz uzakmy?! -- diýip sorady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýol uzak bolanda näme? («Bahar»)
Ol öýüne gelenden soň hem, uzak wagtlap özüni dürsäp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Näme, guýynyň başynda uzak gürrüňleşip bolýarmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Şol ys uzak gije dymjygan endamyna, gowşan damarlaryna gurp-kuwwat berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem uzak - uzagy.
seret ömür