utandyrmak u‧tan‧dyr‧mak işlik

Biriniň aýbyny açyp, ýüzüni gyzartmak utanja goýmak.

  • Ýagdynyň söwda işleri hakynda hem düýn raýona çagyryp, meni utandyrdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gyzyň ony ýa has beterräk utandyrasy, ýa-da utanç perdesini onuň ýüzünden syrasy geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Artyk aga, indi bir utandyrmasaňyz-la! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • utandyran
  • utandyranyndan
  • utandyrar
  • utandyrardy
  • utandyrasy
  • utandyraýmagyndan
  • utandyrdy
  • utandyrdylar
  • utandyrdym
  • utandyrdyň
  • utandyrjak
  • utandyrma
  • utandyrmaga
  • utandyrmak
  • utandyrmakdan
  • utandyrmasaňyz
  • utandyrmazlyga
  • utandyrmazlyk
  • utandyrmaýar
  • utandyryp
  • utandyrypdyrlar
  • utandyrýan
  • utandyrýar
  • utandyrýardy
  • utandyrýarlar