Adamyň özüni alyp barşyndaky çekinjeňlik duýgusy, uýat.
Utanç, haýaň nirde, aýyp dälmidir?! (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Sende utanç, namys bolmazmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Adamçylyk keşbine laýyk gelmeýän iş, masgaraçylyk, abraýsyzlyk, uýat.
Indi seniň biziň aramyza düşjek bolup ýörmegiň saňa gaty utançdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem utanç - utanjy.