ussat us‧sat

[ussa:t]

Işini ökdelik bilen ýerine ýetirýän, işine türgen, işine ökde.

  • On barmagyň dürler dökýär reňbe-reň, Beýle ussat görmedim men saňa deň. (R. Seýidow, Eserler)

  • Gurçuk tutmagy ussat aýallara tabşyrmaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Martynow öz işine diýseň ussat we paýhasly adamdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ussat - ussady.


Duş gelýän formalary
  • ussada
  • ussady
  • ussadydy
  • ussadydyr
  • ussadym
  • ussadymyz
  • ussadymyzyň
  • ussadymyň
  • ussadyndan
  • ussadyny
  • ussadynyň
  • ussadyň
  • ussadyňdan
  • ussat-da
  • ussatdan
  • ussatdy
  • ussatdygy
  • ussatdygyny
  • ussatdym
  • ussatdyr
  • ussatdyrlar
  • ussatlar
  • ussatlara
  • ussatlardyr
  • ussatlary
  • ussatlary-da
  • ussatlarydyr
  • ussatlarymyz
  • ussatlarymyzdyr
  • ussatlarymyzyň
  • ussatlaryna
  • ussatlarynda
  • ussatlaryndan
  • ussatlaryny
  • ussatlarynyň
  • ussatlaryň
  • ussatlyga
  • ussatlygy
  • ussatlygydyr
  • ussatlygyna
  • ussatlygyndan
  • ussatlygyny
  • ussatlygynyň
  • ussatlygyň
  • ussatlygyňa
  • ussatlyk
  • ussatlykda
  • ussatlykdyr
  • ussatsyz