Urulýan ýigidiň demi içine doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Urulmak, sögülmek, sütem içinde, Million gyzyl güller haýyp solýardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bir zadyň üstünden kakylmak, ýepbeşlenmek.
Atylyp ok degrilmek, tüpeňlenip öldürilmek, atylmak.
Howa söweşlerinde hem-de asmana atýan toplarymyzyň oky bilen duşmanyň 111 samolýoty urlup ýykyldy.
Ýüklenmek, basylmak (Ýük hakda).
Göçme manyda Käýelmek, ýazgarylmak, tankyt edilmek.
Ol felýetonda bir adamynyň ownuk-uşak kümsükligi, eliniň egriligi hemen onuň başga pis häsiýetleri berk urlupdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem urulmak - urlar, urlupdyr.