uruş u‧ruş

  1. Sögüşik, ýakalaşyk bilen ýüze çykýan dawa, jenjel.

    • Urşuň geňeşi ýok. (nakyl)

    • Uruş, sögüş, emma ýaraşyga ýer goý. (nakyl)

  2. Döwletler arasyndaky ýaragly söweş, ýaragly göreş.

    • Emma weli, täze uruş tehnikasyny öwrenmek biraz kyn degdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Nädogry syýasata, zyýanly däp-dessura garşy metbugat üsti bilen alnyp barylýan , öwüt-nesihat, göreş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem uruş - urşum, urşuň, urşy.

graždanlyk urşy

Bir ýurduň içindäki jemgyýetçilik synplaryň arasyndaky ýaragly söweş, ýaragly göreş.

  • Çary Pökgeniň graždanlyk urşuna hem gatnaşan köne bolşewikdigini görkezdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

  • Ol garry graždanlyk urşuna hem gatnaşypdyr.

uruş meýdany

Söweşiň, urşuň gidýän ýeri.


Duş gelýän formalary
  • uruşda
  • uruşdaky
  • uruşdan
  • uruşdanam
  • uruşdanmy
  • uruşdy
  • uruşdygy
  • uruşdygyna
  • uruşdygyny
  • uruşdyk
  • uruşdylar
  • uruşdym
  • uruşdymy
  • uruşdyr
  • uruşdyň
  • uruşdyňmy
  • uruşdyňyz
  • uruşdyňyzmy
  • uruşlar
  • uruşlara
  • uruşlarda
  • uruşlardan
  • uruşlardy
  • uruşlardyr
  • uruşlary
  • uruşlary-da
  • uruşlaryna
  • uruşlarynda
  • uruşlaryndaky
  • uruşlaryndan
  • uruşlaryny
  • uruşlarynyň
  • uruşlaryň
  • uruşly
  • uruşlydyr
  • uruşlymy
  • uruşmy
  • uruşsyz
  • uruşsyzam
  • urşa
  • urşadam
  • urşam
  • urşamy
  • urşudy
  • urşumy
  • urşumyz
  • urşumyzy
  • urşumyzyň
  • urşuna
  • urşunda
  • urşundaky
  • urşundan
  • urşundanam
  • urşuny
  • urşuny-da
  • urşunyň
  • urşuň
  • urşuňky
  • urşuňy
  • urşuňyz
  • urşuňyzda
  • urşy
  • urşy-da