[umy:tsyzlyk]
Näumytlyk, tamasyzlyk, ynamsyzlyk.
Käte göwni geçip onuň özünden, Umytsyzlyk duýlar her bir sözünden. (A. Kekilow, Söýgi)
Emma ony ugradanlaryň köpüsi onuň bu gidip barşyna umytsyzlyk bilen garaýardylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Onuň ejesiniň gözlerinden umytsyzlyk garaňkysy zogdurylyp çykýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem umytsyzlyk - umytsyzlygy.