[umy:tlylyk]
Bir maksadyň şowly çykmagyna we ş. m. umyt baglamaklyk, tamalylyk, ynamlylyk.
Bibigülüň sözlerinde umytlylyk aňlanýardy. (Ý. Žawaronkow, Täze ýerde)
Gözel eje umytlylyk bilen ýylgyrsa-da, eýýäm onuň ýüreginde ýaryşyň galpyldysy gopup başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem umytlylyk - umytlylygy.