umytly u‧myt‧ly sypat

[umy:tly]

  1. Umyt bilen, ynam bilen, ynamly, tamaly.

    • Gelejege umytly seredýän sensiň; Täze ynamlary döredýän sensiň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Umyt bar bolan, ynam edilýän, umyt baglanýan, tamaly.

    • Şu beýik dagyň üstünde ýüzlerçe gektar meýdany bolan pagta bardy, bu kolhozyň iň ýagşy we umytly düme ekin meýdany hem şoldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Biz hemişe, her bir ädimde umytly bolmaly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • umytlydygyny
  • umytlylygy
  • umytlylyk