umyt u‧myt at

[umy:t]

Bir maksadyň amala aşmagyna bolan isleg, tama, arzuw.

  • Göwnümde ullakan bir umyt bardy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Çykmadyk janda umyt bar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem umyt - umydy.

umydyny üzmek

Tama etmegi bes etmek, netije boljagyna ynam etmezlik.

  • Tilki derrew umyt üzdi janyndan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Wepa Keljeden umyt üzüp, öz bölümine tarap gitdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

umyt baglamak

Ynam etmek, bir zada ynam bilen garaşmak, tama etmek.


Duş gelýän formalary
  • umyda
  • umydam
  • umydy
  • umydydy
  • umydym
  • umydymy
  • umydymyz
  • umydymyzdyr
  • umydymyzy
  • umydyn
  • umydyna
  • umydynda
  • umydyndan
  • umydyny
  • umydynyň
  • umydyň
  • umydyňa
  • umydyňy
  • umytda
  • umytdan
  • umytdy
  • umytdyr
  • umytlar
  • umytlaram
  • umytlardan
  • umytlary
  • umytlarym
  • umytlarymyzdan
  • umytlarymyzy
  • umytlarymyzyň
  • umytlaryndan
  • umytlaryny
  • umytlarynyň
  • umytlaryň
  • umytly
  • umytlylygy
  • umytlylyk
  • umytsyz
  • umytsyzam
  • umytsyzdy
  • umytsyzlyga
  • umytsyzlygy
  • umytsyzlygyny
  • umytsyzlygynyň
  • umytsyzlyk
  • umytsyzlykdyr