umumy u‧mu‧my

[umu:my]

  1. Hemmelere degişli bolan, hemmeler üçin bolan.

    • Klubda umumy ýygnak boljak. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýönekeý, mesaýy.

    • Aslynda meniň umumy ýasama bezeglere nähili ýigrenji garaýanymy özüň gowy bilýärsiň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Özara edilýän, bilelikde edilýän, özara.

    • Nahar iýilýän wagtda umumy gürrüň gidýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • umuma
  • umumam
  • umumydan
  • umumydy
  • umumydygyny
  • umumydyr
  • umumylar
  • umumylaryň
  • umumylaýyn
  • umumylyga
  • umumylygy
  • umumylygydyr
  • umumylygyna
  • umumylygynda
  • umumylygyndan
  • umumylygyny
  • umumylygynyň
  • umumylygyň
  • umumylyk
  • umumylykda
  • umumylykdan
  • umumylykdyr
  • umumylylygy
  • umumylylygyndan
  • umumylylyk
  • umumysyz
  • umumysyzdyr